“Altyn gül” pomidor hasylyny Russiýa bilen Gazagystana eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn gül” pomidor hasylyny Russiýa bilen Gazagystana eksport etdi
Kompaniýanyň ýyladyşhanasynda häzirki wagta çenli pomidoryň 200 tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp alyndy.

Telekeçi Jorakuly Hemraýewe degişli “Altyn gül” hususy kärhanasy pomidor hasylynyň 200 tonnasyny Russiýa we Gazagystana eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň ýyladyşhanasynda häzirki wagta çenli pomidoryň 200 tonnadan gowrak hasyly ýygnalyp alyndy.

Kärhananyň döwrebap ýyladyşhanasynda häzirki wagtda pomidoryň “Marwelans” sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, pomidoryň bu sortunyň ýanynda “Çerri” görnüşi hem bar.

Bu ýerde 30 sany hünärmen zähmet çekýär. Olar, esasan, ýyladyşhanada pudama, ýaprak alma, dolama işlerini geçirýärler.

Ýyladyşhananyň tutýan meýdany 2,3 gektara barabar bolup, onda pomidor şitilleri ýetişdirilýär. Pomidor şitilleri kokos gyryndysynda ýetişdirilip, ýörite asgyçlara berkidilýär. Ýyladyşhana şitillere ideg etmek üçin ýörite galdyrýan-düşürýän arabajyklar bilen üpjün edilendir. Hasyllylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, tozanlandyryş işleri ýörite Türkiýe döwletinden getirilen “Bombus” arylary arkaly amala aşyrylýar.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän “Altyn gül” hususy kompaniýasy meýilnama boýunça pomidor hasylynyň 450 tonnasyny ýetişdirmegi göz öňünde tutýar.

2022