FAO Türkmenistanda şor ýerleriň kartasyny düzmek boýunça onlaýn okuw geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO Türkmenistanda şor ýerleriň kartasyny düzmek boýunça onlaýn okuw geçirdi
Maslahatyň esasy maksady oňa gatnaşyjylary GIS tehnologiýalaryny ulanyp, şor ýerleri kartalaşdyrmak usullary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) 2022-nji ýylyň 26-njy aprelinden 28-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň şor ýerlerini kartalaşdyrmak boýunça onlaýn okuw geçirdi.

Üç günlük seminar Global toprak hyzmatdaşlygy bilen bilelikde “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak 2” taslamasynyň (CACILM2) çäklerinde gurnaldy.

Bu çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we bölümleriniň 40-dan gowrak wekili, şeýle hem ýerli dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady oňa gatnaşyjylary GIS (Geografiki maglumatlar ulgamlary) tehnologiýalaryny ulanyp, şor ýerleri kartalaşdyrmak usullary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Okuwa gatnaşyjylar Global toprak hyzmatdaşlygynyň hünärmenleriniň kömegi bilen topragyň duzlulygyny hakyky wagtda bahalandyrmak üçin häzirki zaman usullaryny we uzakdan duýdurmagy öwrendiler.

Türkmenistanda CACILM-2 sebit taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam edip, ýer we suwy durnukly dolandyrmak üçin öňdebaryjy usullary hem-de tehnologiýalary öňe sürmek we ulanmak maksady bilen işler amala aşyrylýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi ýerli oba jemgyýetleriniň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşar.

2018-nji ýylyň maý aýynda başlan we býujeti 75 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak 2” taslamasy iň uly durnukly tebigy baýlyklary dolandyrmak başlangyçlarynyň biri bolup, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022