Türkmenistan “Nýu-Ýork konwensiýasy” diýlip tanalýan Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa we Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlary halkara satyn almak-satmak boýunça şertnamalar hakyndaky Konwensiýasyna (CISG) goşuldy. Bu barada BMG-nyň Maglumatlar gullugy penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan 2022-nji ýylyň 4-nji maýynda “Nýu-Ýork konwensiýasyna” goşulmak bilen, bu konwensiýa 170-nji gatnaşyjy agza döwlet boldy. Türkmenistanda “Nýu-Ýork konwensiýasy” 2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda güýje girer.
“Nýu-Ýork konwensiýasy” halkara arbitražyň esasy guraly hökmünde giňden ykrar edilendir. Konwensiýa daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek, şeýle hem işi arbitraža geçirmek babatda ulanylýar.
Türkmenistan CISG-nyň 95-nji döwlet agzasy boldy. Bu konwensiýa Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girer.
CISG satyn almak-satmak boýunça adalatly we döwrebap esas bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde kanuny däplerine ýa-da ykdysady ösüş derejesine garamazdan ähli ýurtlarda halkara söwdanyň esasyny düzýär. Onuň kabul edilmegi we ulanylmagy täjirçilik alyş-çalşygyny kämilleşdirilmegine hem-de amal çykdajylaryny azaltmakda möhüm goşant goşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanda “Nýu-Ýork konwensiýasyna” we CISG-a goşulmak baradaky kanunlar geçen aý tassyklanyldy.