Türkmenistanda ýarmarkalary geçirmegiň aýratynlyklary

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýarmarkalary geçirmegiň aýratynlyklary
Ýarmarkany gurnaýjy ýarmarkalaryň guralmagy boýunça çäreleriň meýilnamasy we onuň iş tertibi hakynda maglumatlary habar beriş serişdelerinde çap edýär.

“Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýarmarka – harydy satyn almak-satmak şertnamasynyň baglaşylmagynyň maksady bilen, bellenilen ýerde wagtal-wagtal guralýan harytlaryň söwdasydyr (harytlaryň nusgalarynyň bazary). 

Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary, şeýle hem söwda işiniň subýektleri ýarmarkalary guraýjylar bolup bilerler.

Ýarmarkany gurnaýjy ýarmarkanyň guralmagy boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar, şeýle hem onuň iş düzgünini we tertibini, şol sanda ýarmarkada söwda ýeriniň berilmeginiň şertlerini we tertibini kesgitleýär.

Ýarmarkany gurnaýjy ýarmarkalaryň guralmagy boýunça çäreleriň meýilnamasy we onuň iş tertibi hakynda maglumatlary habar beriş serişdelerinde çap edýär we özüniň internet ulgamyndaky resmi saýtynda ýerleşdirýär.

Ýarmarkadaky söwda ýerleri söwda işiniň subýektlerine, şeýle hem oba hojalyk we gaýry önümleri öndürýän gaýry şahslara berilýär.

Ýarmarkada enjamlaşdyrylan söwda ýerleriniň berilmegi üçin, şeýle hem söwdanyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmegi üçin (çäkleriň arassalanmagy, weterinariýa-sanitariýa bilermenler seljermesiniň geçirilmegi we beýleki hyzmatlar), tölegleriň möçberi ýarmarkalaryň guramaçylary tarapyndan onuň guralmagyna we geçirilmegine çykarylýan harajatlaryň öweziniň dolunmagynyň zerurlygynyň hasaba alynmagy bilen kesgitlenilýär.

Çeşme: “Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022