Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni bütin türkmen halkyny 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärliklerde doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryny mertlik bilen başdan geçiren halkymyzyň merdana wekillerini hormat-sarpa bilen ýatlaýarys” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.
“1941-1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň pajygaly we hasratly döwri bolup, faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz, rehimsiz syýasatynyň netijesinde millionlarça ynsan bu nägehan urşuň pidasy boldy. Doganlyk halklar bilen birlikde, türkmen halky hem bu ýowuz süteme garşy gaýduwsyz göreş alyp bardy. Örän elhenç uruş ýyllarynda türkmenistanly zähmetkeşler, zenanlar, gojalar, çagalar Ýeňşe bolan ynam, durmuşa, Watana çäksiz söýgi bilen, tutanýerli we gaýratly zähmet çekip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we Belarusyň Prezidentleri, Gazagystanyň Premýer-ministri hem-de ilkinji Prezidenti öz gutlag hatlaryny iberdiler.