Ösüş ölçegleri barada düşünje

Nurmyrat Mommaýew
Ösüş ölçegleri barada düşünje
Sosial ösüş ölçegi adamlara gönükdirilip, sosial hyzmatlaryň ýeterlik hem-de deň paýlanmagyny üpjün edýän ulgamdyr.

Wagtyň geçmegi bilen düýpli özgerişleri başdan geçiren ösüş düşünjesi häzirki döwürde durnukly ösüş, önümçilik usullarynda düzümleýin üýtgeşmeler, tehnologiki innowasiýa, jemgyýetçilik, syýasy we institusional täzelikler hem-de adamlaryň durmuş şertleriniň gowulaşmagy ýaly düşünjelerden ybarat bolup durýar.

Ösüş diňe bir ykdysady ölçegler bilen kesgitlenmän, eýsem jemgyýetiň ähli sosiologiki, psihologiki we syýasy ölçeglerini gurşap alýan çylşyrymly prosesdir. Başgaça aýdylanda, ösüş düşünjesi diňe bir ykdysady ösüşi öz içine alman, eýsem has giňişleýin seredilmegi talap edýär.

Ösüşiň esasy üç ölçegi bardyr: ykdysady, sosial we daşky gurşaw.

Ykdysady ösüş ölçegi bu ýetmezçilik edýän serişdeleriň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ykdysady taýdan durnukly ulgam, harytlary we hyzmatlary üznüksiz öndürip bilýän, oba hojalygyna we senagat önümçiligine zyýan berip biläýjek pudaklaýyn deňsizliklerden gaça durýan hem-de bir ýurduň içerki we daşary ýurt bergilerini netijeli dolandyrmakda durnuklylygy üpjün edýän ulgamdyr.

Sosial ösüş ölçegi adamlara gönükdirilendir. Sosial taýdan durnukly ulgam bilim we saglyk, jyns taýdan deňlik, syýasy jogapkärçilik hem-de syýasata gatnaşmak hukugy ýaly sosial hyzmatlaryň ýeterlik hem-de deň paýlanmagyny üpjün edýär.

Daşky gurşawyň ösüş ölçeginde biologiki we fiziki ulgamlaryň deňagramlylygy göz öňünde tutulýar. Onuň esasy maksady ekosistemalaryň üýtgeýän şertlere uýgunlaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Durnukly daşky gurşaw ulgamy, serişdeleriň binýadyny durnukly saklamagy, täzelenip bilýän energiýa çeşmelerini şeýle-de daşky gurşawyň maýa goýum funksiýalaryny ýerliksiz peýdalanmakdan gaça durmagy öňe sürýär. Mundan başga-da, bu ulgam biodürlüligi, atmosfera deňagramlylygyny we ykdysady çeşmeler hökmünde toparlara bölüp bolmaýan beýleki ekosistema elementlerini goramagy öz içine alýar.

Ýurtlaryň ösmegi bilen senagat pudagynyň oba hojalygyna göra ähmiýetiniň artýandygyny görmek bolýar. Munuň netijesinde el zähmeti oba ýerlerinden şäherdäki senagat sebitlerine migrasiýa edýär, sarp ediş we önümçilik harytlarynyň importy peselýär hem-de senagat önümleri bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümleriniň eksporty, maýa goýum serişdeleri üçin daşary ýurtlara bolan garaşlylyk azalýar.

Döwletler özleriniň ösüş başlangyçlary üçin daşary ýurt kömegini alýarlar. Daşary ýurt kömegini ösen ýurtlardan maýa goýumlaryny hem-de tehnologiýalary ösüp barýan ýurtlara geçirmek diýip hem atlandyryp bolar. Daşary ýurt kömegi diýlip, abadançylygy we ykdysady ösüşi goldamak üçin niýetlenen grantlar ýa-da subsidirlenen karzlar görnüşinde berilýän maliýe we tehniki goldawlara, şeýle-hem harytlara düşünilýär. Giňişleýin aýdylanda ösen döwletler, ýerli hökümetler we beýleki guramalar tarapyndan ykdysady ösüşi kämilleşdirmek, ösüp barýan ýurtlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýurtlara, döwlete dahylsyz guramalara we halkara guramalara azyndan 25% grant berilmegidir.

Ösüş goldawy: Ösüp barýan ýurtlarda senagat ösüşini çaltlandyrmak we senagat pudagynda uzakmöhletleýin hem-de pes göterimli serişdeleri üpjün etmek maksady bilen açylan karzlar arkaly berilýän goldawlar ösüş banklary, galyberse-de milli we halkara derejesinde işleýän maliýe guramalary tarapyndan berlip bilner.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022