Türkmenistanda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 7,8 milliard manada ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 7,8 milliard manada ýetdi
Türkmenistanyň Döwlet Ösüş Banky, Aşgabat

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistan boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,8 milliard manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, degişli döwürde täze bellige alnan hojalyk subýektleri 492 sany bolup, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sany 1 müň 662-ä deň boldy.

“Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeli hem-de amatly işewürlik gurşawyny döretmeli. Pudaklaryň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyryp, içerki we daşarky maýa goýumlary giňden çekmek boýunça degişli işleri alyp barmaly” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle-de mejlisiň barşynda Hökümetiň agzalary özlerine degişli pudaklarda işleriň ýerine ýetirilişi we täze iş orunlaryň döredilmegi bilen bagly meseleler barada hasabat berdiler.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere seredildi. Pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022