“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara ýolagçylar boýunça bildirilýän talaplary mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara ýolagçylar boýunça bildirilýän talaplary mälim etdi
Halkara ýolagçylar barýan ýurtlarynyň COVID-19 boýunça düzgünleri bilen öňünden tanyşmalydyrlar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlar ýerine ýetirilende COVID-19 bilen bagly bildirilýän talaplary mälim etdi.

Kompaniýanyň duşenbe güni habar berşi ýaly, halkara ýolagçylar barýan ýurtlarynyň COVID-19 boýunça düzgünleri bilen öňünden tanyşmalydyrlar. Karantin möhleti her bir ýurduň öz talaplaryna görä kesgitlenilýär.

Dünýä ýurtlarynyň epidemiologiýa talaplary boýunça giňişleýin maglumat IATA Travel Centre saýtynda görkezilendir.

Türkmenistana gelýän we üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin bildirilýän talaplar: 

  • COVID-19 ýokanjynyň ýoklugy hakynda PCR kepilnamasy türkmen, rus ýa-da iňlis dilinde görkezilmelidir. Agzalýan kepilnama soňky 48 sagadyň dowamynda alnan bolmalydyr;
  • COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilendigi barada kepilnama;
  • COVID-19 bilen baglylykda, ýolagçynyň ýerleşýän ýeri we saglyk ýagdaýy baradaky resmi soragnama doldurylmalydyr. Bu resmi soragnama howa gämisine münmezden ozal terminalyň bellige alyş nokadynda berilýär we ýolagçy tarapyndan iki nusgada doldurylýar;
  • howa menziliniň çäginde we howa gämisiniň içinde agyz-burun örtügi dakynylmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistandan Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherine howa gatnawlaryny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly, ýola goýmak baradaky teklibi makullapdy.

2022