“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň hünärmenleri şu ýylyň ilkinji dört aýynda 26,3 müň tonna derek goşmaça 42,3 müň tonna nebit çykardylar.
Şeýle-de degişli döwürde trestiň hünärmenleri tarapyndan 219 sany guýy abatlanyp, olaryň 175-si ulanyşa girizildi. Bu görkezijiler meýilleşdirilenden 30 guýy köpdür. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.
Mundan başga-da, geçen hasabat döwründe täze işe girizilen guýulardan “mawy ýangyjyň” öndürilişi takmynan 11,3 million kubmetre ýetdi. Gazetiň bellemegine görä, bularyň ählisine kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy goşant goşdy.
Şu ýylyň fewral aýynyň başynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýum gönükdirmek barada Karara gol çekilipdi.