Balaryçylyk pudagynyň adamzat üçin ähmiýeti

Nurmyrat Mommaýew
Balaryçylyk pudagynyň adamzat üçin ähmiýeti
Dünýädäki iň zähmetsöýer jandarlaryň biri bolan arylar asyrlar boýy adamlara, ösümliklere we daşky gurşawa öz peýdalaryny ýetirýärler.

Albert Eýnşteýniň aýdan “Arylar ýer ýüzünden ýitip gitse, adamzadyň dört ýyl ömri galar” jümlesi arylaryň adamzat üçin ähmiýetini beýan etmek üçin iň köp ulanylýan jümleleriň biridir.

Arylar dogrudan-da adamzat üçin möhüm bolan önümleri (ary baly, ary mumy we beýleki balary önümleri) bilen bilelikde tozanlamak arkaly ösümlikleriň köpelmegine goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, dünýädäki iň zähmetsöýer jandarlaryň biri bolan arylar asyrlar boýy adamlara, ösümliklere we daşky gurşawa öz peýdalaryny ýetirýärler. Arylar we beýleki tozanlaýjylar, poleni bir gülden beýlekisine daşamak bilen diňe bir miwe we ösümlikeriň hasyllylygyny däl-de, eýsem olaryň köpdürlüligini we hil taýdan ýokary bolmaklaryny hem üpjün edýärler. Arylar, guşlar we ýerganatlar ýaly tozanlaýjylar dünýädäki miwe önümçiliginiň 35%-ne gönüden-göni täsir edýärler.

Balaryçylyk millionlarça balaryçynyň girdeji çeşmesi hökmünde giňden ýaýran global pudakdyr. Arylar biodürlüligi gorap saklamakda, tokaýlaryň täzeden dikeldilmegini goldamakda, durnuklylygyň we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy şeýle-hem ösümlikleriň ýaşamagyny we köpelmegini üpjün etmekde, oba hojalygynyň önümçiliginiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmakda möhüm rol oýnaýar.

Arylar diňe bir ösümlikleriň tozanlaşmagyna goşant goşman, Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde olaryň biodürlüligini goramakdaky ähmiýeti hem uludyr. Birleşen Milletler Guramasy 2017-nji ýylda arylaryň ähmiýeti we durnukly ösüşe goşýan goşantlary, olara abanýan howplar barada habarlylygy ýokarlandyrmak üçin her ýylyň 20-nji maýynda Bütindünýä ary günini bellemek baradaky Kararnamany kabul etdi.

Balaryçylyk pudagy ary önümleriniň satuw mukdary we olaryň adam saglygyna ýetirýän peýdalary hem göz öňünde tutulanda, onuň ykdysadyýetde näçe goşmaça gymmat döredýändigine has gowy düşünip bolar.

Arylaryň iň belli önümi baldyr. FAO-nyň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda dünýäde 1 million 861 müň tonna bal öndürildi. Dünýäde ary balyndan alynýan girdeji balaryçylyk pudagyndan alynýan umumy girdejiniň diňe bir 25%-ini emele getirýär. Baldan başga-da, ary mumy, ary süýdi we polen ýaly ary önümleri dünýä söwdasynda öz orunlaryny tapýarlar.

Mundan başga-da, ABŞ we Russiýa ýaly dünýäniň ösen ýurtlarynda ösümlikleriň dürli görnüşlerini ýetişdirmek, önümçiliginiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen balaryçylyk işleri alnyp barylýar. Mysal üçin, ABŞ-da ösümlik önümçiliginde öndürijiler balaryçylara öndürýän ösümlikleriniň tozanlaşmagyny üpjün etmek üçin ýylda ortaça 41 million ABŞ dollary möçberinde kärende tölegi töleýärler, netijede olar önümçiliklerine arylaryň goşan goşandyndan ýyllyk ortaça 3,2 milliard ABŞ dollary girdeji gazanýarlar. ABŞ-da geçirilen başga bir barlagda 40 töweregi ösümlik görnüşinden alnan 30 milliard ABŞ dollary möçberinde önümiň umumy bahasynyň takmynan üçden bir böleginiň, ýagny 10 milliard ABŞ dollaryna golaýynyň bal arylary tarapyndan üpjün edilýändigi anyklandy.

Türkmenistanda balaryçylygyň taryhy gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Ýurtda göçme balaryçylyk giňden ýaýrandyr. Bahar aýlarynda Garagum çölündäki dürli çöl ösümliklerinden bal hasyly ýygnalýar. Türkmenistanda bal hasyly esasan ýandak, pagta we ýorunja ýaly ösümliklerden ýygnalýar. Balaryçylar pagta balynyň hasylyny ýygnaýan bolsalar, daýhanlar arylaryň goşandy bilen pagtanyň hasyllygyny 25-30% ýokarlandyrýarlar.

Türkmenistandaky balaryçylar balaryçylyk pudagynda täze usullary ulanmak arkaly hasylyň netijeliligini hem-de hilini ýokarlandyryp bilerler. Olaryň diňe bir bal öndürmek bilen çäklenmän, bal ary zäheri, ary mumy, ary süýdi ýaly önümleri öndürmäge we dünýä bazarlarynda ep-esli girdeji gazanmaga mümkinçilikleri bardyr.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktorant

2022