Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. (Surat: “Saudi Press Agency”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çarşenbe güni umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna geldi.

Döwlet Baştutanymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular we eneler hem gitdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiz wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, olaryň zyýaratlarynyň kabul bolmagyny dileg etdi we hormatly ýaşulularyň, eneleriň hal-ahwallary bilen gyzyklandy.

Jiddanyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimiz yslam dünýäsiniň ruhy paýtagtyna — mukaddes Mekge şäherine ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Mukaddes Al-Haram metjidiniň ýanynda Döwlet Baştutanymyz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary öýle namazyny (Mültezem) okadylar. Soňra hormatly Prezidentimiz we türkmen zyýaratçylary umra haj üçin ähli dessurlary ýerine ýetirdiler.

Iýun aýynyň 1-den 2-sine geçilýän gijede hormatly Prezidentimiziň zyýaratynyň çäklerinde mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz mukaddes Gara daşy öpüp, oňa togap etdi. Hormatly Prezidentimize üç ýerde — Muhammet pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, Gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçunda namaz okamaga mümkinçilik döredildi.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň maý aýynda mukaddes Käbä zyýaraty wagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem şeýle belent hormat bildirilip, teperrik gowşurylypdy.

2022