Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II-ni platina ýubileýi bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II-ni platina ýubileýi bilen gutlady
96 ýaşly Şa zenany Ýelizaweta II Britan Patyşalygynyň tagtynda iň köp oturan adamdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy — platina ýubileý baýramy hem-de doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Geçen ýyllaryň dowamynda Siz öňdengörüjilikli syýasatyňyz we ýadawsyz zähmetiňiz netijesinde bütin dünýäde belent abraýa eýe bolduňyz” diýip,Döwlet Baştutanymyz gutlagda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekip, Şa zenanynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda hem-de işjeňleşdirilmeginde aýratyn goşandyny belledi hem-de bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Şa zenany Ýelizaweta II berk jan saglyk we bagt, Birleşen Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli  dört günlik baýramçylyk dabaralary penşenbe güni başlandy. Ýelizaweta II 1953-nji ýylyň 2-nji iýunynda 27 ýaşyndaka tagta geçipdi. 96 ýaşly Şa zenany Britan Patyşalygynyň tagtynda iň köp oturan adamdyr.

2022