Türkmenistanda azyk howpsuzlygy çäreleri üçin $300 million bölünip berilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda azyk howpsuzlygy çäreleri üçin $300 million bölünip berilýär
Umumy pul serişdelerinden 150 million ABŞ dollary telekeçilere goldaw hökmünde bölünip berler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisiniň barşynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, 300 million ABŞ dollary möçberinde pul serişdelerini bölüp bermek baradaky Karara gol çekdi.

Umumy pul serişdelerinden 150 million ABŞ dollary telekeçilere goldaw hökmünde hem-de galan 150 million ABŞ dollary zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine bölünip berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Guşçulyk pudagyna goldaw

Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz hususy guşçylyk we ýumurtga önümçiliginde iş alyp barýan öndürijilere goldaw bermek boýunça Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde iýmlik mekgejöweni 20 müň gektar, soýany 2 müň gektar we iýmlik bugdaýy 40 müň gektar meýdanda ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrmak tabşyryldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni öndürijileri iýmlik bugdaýyň tohumy, tehniki hyzmatlar, suwaryş suwlary we mineral dökünler bilen üpjün ederler.

Mejlisde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022