Türkmenistanda öndürilendigi hakynda güwänama üçin onlaýn ýüz tutup bolýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda öndürilendigi hakynda güwänama üçin onlaýn ýüz tutup bolýar
Täze bölümiň üsti bilen, Ýewropa Ykdysady bileleşigi tarapyndan bellenilen “A” we “APR” nusgalar boýunça resminamalary onlaýn usulda tabşyryp bolýar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň resmi saýtynda onlaýn arzalary kabul edişlik bölümi açyldy.

Täze bölümiň üsti bilen, harytlaryň Türkmenistanda öndürilendigi hakynda Ýewropa Ykdysady bileleşigi tarapyndan bellenilen “A” we “APR” nusgalar boýunça, şeýle hem “Umumy” görnüşli güwänamalary almak üçin resminamalary onlaýn usulda tabşyryp bolýar.

Mundan başga-da, raýatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň rugsady esasynda Türkmenistana getirilýän DYIHS kody 3808 bolan himiki serişdelere rugsatnama almak üçin, resminamalary onlaýn usulda tabşyryp bilerler.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi öz düzüminde söwda, önümçilik, üpjünçilik, hyzmat ediş kärhanalarynyň 200-den gowragyny jemleýär.

2022