Türkmen ýüpekçileri 2 müň 300 tonnadan gowrak pile öndürdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ýüpekçileri 2 müň 300 tonnadan gowrak pile öndürdiler
Çig pile Türkmenistanda hereket edýän we çig piläni işläp önüm öndürýän kärhanalaryň esasy çig mal gory bolup durýar.

Şu ýyl ýurdumyzyň ýüpekçileri pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ählisinde ýokary netijeleri gazanan ähli pileçilere we işgärlere sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy guramak barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberiniň has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Çig pile Türkmenistanda hereket edýän we çig piläni işläp önüm öndürýän kärhanalaryň esasy çig mal gory bolup durýar. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalardyr. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýüpek önümçilik birleşigi iň ulusy hasaplanýar.

Geçen ýyl ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar.

2022