Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Mary welaýatyna amala aşyran toý saparynynyň dowamynda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilen üç müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, täze bina “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda gurlup, onuň bilen bir bitewi binagärlik toplumyny emele getirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, Mary welaýatyna guran toý saparynyň çäklerinde zähmetsöýer daýhanlaryň armasyny ýetirendigini belläp, welaýatyň Tagtabazar etrabynyň gaýratly gallaçylarynyň öz borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý edendigini aýtdy.
Şanly waka mynasybetli bu ýerde toý sadakasy berildi we oňa Döwlet Baştutanymyz hem gatnaşdy.
Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna gidip, ýerli daýhanyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri bilen söhbetdeş boldy.