Marynyň “Türkmenstandartlary” gullugy mebel, metal, nebit önümlerini synagdan geçirip başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Marynyň “Türkmenstandartlary” gullugy mebel, metal, nebit önümlerini synagdan geçirip başlar
Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasy üçin täze, döwrebap binany gurmak teklip edildi.

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasy mebel, metal, nebit önümlerini synagdan geçirip başlar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Muhammedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa barlaghananyň düzüminde bu önümleri barlamak üçin bölümleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasy üçin täze, döwrebap binany gurmak hem-de ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek teklip edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Wise-premýeriň hasabatynda esasan standartlaşdyryş ulgamy we önümleri güwälendirmegi kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işlere üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, standartlaşdyrmagyň oňyn bäsdeşligiň ösdürilmegini, önümleriň we ýola goýulýan hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny, söwdada birnäçe tehniki bökdençlikleriň azaldylmagyny, sarp edijileriň bähbitleriniň goraglylyk derejesiniň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goralmagyny we serişdeleriň ähli görnüşleriniň tygşytlanmagyny şertlendirýändigini belledi.

Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň täze binasynyň gurulmagy we onuň degişli derejede enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň bu gullugynyň sazlaşykly ösüşine, bir bitewi ölçeg ulgamynyň üpjün edilmegine, bölümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň halkara talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

2022