Türkmenistanyň Prezidenti Baýdeni ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Baýdeni ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak tamda Garaşsyzlyk güni mynasybetli çykyş edýär, Waşington, 4-nji iýul, 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň ähli halkyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Madura hem ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

2022