Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy
Gaz guýusy her gije-gündizde 695 müň kubmetr tebigy gaz berýär.

“Türkmengaz” döwlet konserni Mary welaýatyndaky Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.

Senagat akymy konserniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirligi tarapyndan 01-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan 2 müň 330 metr çuňlukda alyndy. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) metbugat gullugy penşenbe güni mälim etdi.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 695 müň kubmetr tebigy gaz berýär. Bellenilişi ýaly, alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy täze gaz ýatagynyň önüminiň iň esasy häsiýetli aýratynlygydyr.

Şu önümçilik meýdançanyň gazçylary ýakyn günlerde Şerepli gaz känindäki 02-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusynda burawlaýyş işlerine girişmekligi meýilleşdirýärler.

Müdirligiň gazçylary Mary welaýatynyň çägindäki täze Kelleli we Ýylan gaz känlerinde hem buraw işlerini dowam etdirýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022