Lebaply telekeçileriň senagat önümleriniň eksporty $5,43 milliondan geçdi

Lebaply telekeçileriň senagat önümleriniň eksporty $5,43 milliondan geçdi
Eksporta ugradylan harytlaryň arasynda polipropilen we polietilen haltalar, polietilen turbalar, gaýtadan işlenen polimer, izogam, suwuk bitum mastikasy, senagat garyndy suwuklygy, batareýalar, mebel mata, pagta ýüňi agdyklyk edýär.

Lebap welaýatynyň hususy kärhanalary şu ýylyň ýedi aýynda 5 million 433 müň ABŞ dollaryna barabar bolan senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Eksporta ugradylan harytlaryň arasynda polipropilen we polietilen haltalar, polietilen turbalar, gaýtadan işlenen polimer, izogam, suwuk bitum mastikasy, senagat garyndy suwuklygy, batareýalar, mebel mata, pagta ýüňi agdyklyk edýär. Welaýatyň telekeçileriniň öndüren önümleri esasan Özbegistan, Türkiýe, Owganystan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarus, Gazagystan we Azerbaýjan döwletlerine iberildi.

Bellenilişi ýaly, degişli döwürde 12 telekeçi harytlaryny daşary ýurda iberdiler. Geçen aý eksportçylaryň sanawy ýene üç sany hususy öndüriji bilen doldurylyp, olaryň hataryna “Kiçi ​​gala” hojalyk jemgyýeti, “Altyn gul” hususy kärhanasy we Farap etrabyndan telekeçi Rustam Rajapow girdi.

Lebap welaýaty Türkmenistanyň gündogar böleginde ýerleşip, onuň merkezi Türkmenabat şäheridir. Lebap welaýaty Owganystan we Özbegistan döwletleri bilen araçäkleşýär.

2022