Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli ýöriş etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli ýöriş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we onuň ogly Kerimguly Berdimuhamedow

Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni ogly Kerimguly bilen Hazaryň kenarynda gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ogly Kerimguly bilen “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde Döwlet Baştutanymyz türgenleşik enjamlarynda maşklary ýerine ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar adam saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda duşenbe güni “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Toplumyň açylyş dabarasyna şu ýylyň 1-nji awgustyndan zähmet rugsadyna çykan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

2022