Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň resmileri Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak prosesine bagyşlanan okuwlaryň birinji tapgyryny tamamladylar.
Türkmenistanyň BSG-a goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça hökümet toparynyň wekilleri üçin niýetlenen BSG-nyň kanuny taraplary we oňa goşulmak prosesi boýunça onlaýn okuwlaryň tapgyry Halkara Söwda Merkezi (ITC) tarapyndan geçirildi. Bu okuw sapaklary “Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasynyň çäginde 2022-nji ýylyň aprel-awgust aýlary aralykda dowam etdi we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilip, BSG-nyň sekretariatynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada ITC duşenbe güni ýaradan metbugat beýanatynda mälim etdi.
Okuw sapaklary dürli mowzuklary, şol sanda BSG hukuk ulgamynyň esasy düzgünlerini we ýörelgelerini, şeýle hem hyzmatlar, oba hojalygy we intellektual eýeçilik hukuklary bilen söwdany kadalaşdyrýan esasy düzgünleri öz içine aldy. Şeýle-de türkmen resmilerine goşulmak gepleşiklerine gatnaşmak üçin resminamalaryň talaplaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berildi.
BSG Türkmenistanyň bu gurama girmek baradaky resmi arzasyny 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul etdi. Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) döwlet hökmünde girdi.