Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG ýurtlaryna bilelikdäki energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegi hödürledi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG ýurtlaryna bilelikdäki energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegi hödürledi
Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan öz tebigy gazy bilen Russiýany, Hytaýy we goňşy ýurtlary üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitinde guramanyň agza ýurtlary  bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmegi we durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin zerur serişdeleriň bardygyny we ýurdumyzyň bu ulgamda köp ýyllaryň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan öz tebigy gazy bilen Russiýany, Hytaýy we goňşy ýurtlary üpjün edýär. Şeýle hem, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işlenilýär.

Döwlet Baştutanymyz “Şu we beýleki köptaraplaýyn taslamalara Owganystanyň gatnaşmagy möhümdir we munuň özi ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dikeldilmeginiň, ahyrky netijede, parahatçylygy, ylalaşygy gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Şeýle-de doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi ilkinji nobatdaky wezipedir” diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022