Türkmenistanda awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we olary ulanmak boýunça işleriň çenlik ölçeg kadalarynyň hem-de nyrhlarynyň, awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň bahalarynyň kesgitlenilmegine degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Wise-premýer awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýolgurluşyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna hem-de ygtybarly maliýeleşdirilişine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň edaralary tarapyndan geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şunuň bilen birlikde, agentlik tarapyndan geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän degişli işleriň maliýeleşdirilmegi babatda teklipler beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, awtomobil ýol gurluşygy ulgamynda kadalaşdyryjy resminamalaryň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu ulgamda alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň anyk çözgüdini tapmagyň zerurdygyny belläp, Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ugurdaş düzümler bilen bilelikde bu meseläni has içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.