Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni telefon arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda, taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýakynda amala aşyryljak ýokary derejeli gepleşikleriň gün tertibine aýratyn üns çekdiler. Şeýle hem, iki ýurdyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygynyň möçberini artdyrmaga, energetika, ulag, oba hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Bulardan başga-da, taraplar özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşini we onuň halkyny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy bilen gutlap, parahatçylyk, abadançylyk we durnukly ösüş arzuw etdi.
Şeýle hem, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili, Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Russiýa hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Russiýa Federal ýygnagynyň Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko, Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin we Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Döwlet Baştutanymyzy doglan güni mynasybetli gutladylar.