FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary alty aýlap yzygiderli peseldi

BIZNES TURKMENISTAN
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary alty aýlap yzygiderli peseldi
Şekeriň, süýdüň we etiň bahalarynyň indeksleri 1%-den az derejede pese düşdi.

Azyk önümleriniň global bahalary sentýabrda altynjy aý yzygiderli peseldi. Muňa esasan-da, ösümlik ýaglarynyň bahalarynyň düşmegi sebäp boldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 136,3 bala ýetdi. Indeks awgust aýy bilen deňeşdirilende 1,1% peseldi. Emma muňa garamazdan, sentýabr aýyndaky indeks geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,5% ýokarydyr.

Sentýabr aýynda ösümlik ýaglarynyň bahalarynyň indeksi awgust aýy bilen deňeşdirilende 6,6% peselip, 2021-nji ýylyň fewral aýyndan bäri iň pes derejä ýetdi. Şekeriň, süýdüň we etiň bahalarynyň indeksleri 1%-den az derejede pese düşdi.

Emma FAO-nyň sentýabr aýy boýunça galla görkezijisi awgust bilen deňeşdirilende 1,5% ýokarlandy. FAO-nyň bellemegine görä, Argentinanyň we ABŞ-nyň däne ekin meýdanlarynda gurak şertler we Ýewropa Birleşiginde ýokary eksport görkezijiler sebäpli bugdaýyň bahasy 2,2% ýokarlandy.

FAO 2022-nji ýylda dünýädäki galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny hem paýlaşdy. Çaklama görä, FAO galla önümçiliginiň 2022-nji ýylda 2 milliard 768 million tonna ýetmegine garaşýar. Bu bolsa 2021-nji ýyldaky çaklanylan önümçilik möçberinden 1,7% pesdir.

2022