Türkmenistanda saglyk, bilim we sport ugurlary boýunça halkara sergi geçirilýär

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanda saglyk, bilim we sport ugurlary boýunça halkara sergi geçirilýär
Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilýän bu sergi lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde duşenbe güni Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilýän bu sergi lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda “Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar” diýip, aýtdy.

Bu halkara sergä Hökümetiň, Milli Geňeşiň agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar.

Şu ýyl sergä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşýarlar. Olaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy gatnaşýar.

Şolaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Seda Medical”, “Philips”, “Vichy”, “Omega”, “Horiba”, “Olympus”, “Elekta”, “Fujinon”, “B. Braun”, “Aesculap”, “Leica Microsystems”, “Sandoz”, “AGFA”, “Canon”, “Roche”, “Zimmer”, “Bego”, “Bionorica”, “Siemens”, “Sanofi”, “Laboratoire innotech international”, “Pentax”, “Takeda”, “Astellas”, “Askin and Co”, “Santo” ýaly başga-da köp sanly kompaniýalar bar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy hem boldy.

2022