“Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasyna laýyklykda kärhanany döwlet belligine almak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenmelidir, ýagny:
- kärhanany döwlet belligine almak üçin ony esaslandyryjy (esaslandyryjylar) ýa-da kärhanany döretmäge esaslandyryjylar tarapyndan ygtyýarly edilen tarapyň gol çekilen arzasy;
- kärhananyň Tertipnamasy;
- kärhananyň esaslandyryş şertnamasy (şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji böleginde sanalyp geçilenlerden başgalar);
- Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda başgaça göz öňüne tutulmadyk bolsa, onda kärhananyň döwlet belligi üçin alnan ýygymyň tölenendigini tassyklaýan resminama.
Kärhanany bellige almak hakyndaky arza şulardan ybarat bolmalydyr, ýagny:
- ady we hukuk salgysy;
- esaslyk maýasynyň möçberi;
- esaslandyryjylaryň sanawy, eger esaslandyryjy ýuridik şahs bolsa, onda onuň adyny, hukuk salgysyny görkezmek bilen, eger esaslandyryjy fiziki şahs bolsa, onda onuň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň maglumatlaryny görkezmek bilen.
Kärhanany döwlet belligine almak boýunça zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilner.
Kärhanany döwlet belligine almak üçin şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan resminamalardan başga goşmaça resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýär.
Çeşme: “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň