Ulag ulgamyndaky we üpjünçilik zynjyryndaky päsgelçilikleriň kompaniýalara täsiri

Nurmyrat Mommaýew
Ulag ulgamyndaky we üpjünçilik zynjyryndaky päsgelçilikleriň kompaniýalara täsiri
Çykdajylaryny azaltmak isleýän kompaniýalar arzan çig mal we ulag mümkinçiliklerini gözlemek boýunça çemeleşmelerine üytgeşmeler girizýärler.

Ulag ulgamyndaky we üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler öndürijiler we ahyrky sarp edijiler üçin 20% goşmaça çykdajylary döredýär. Geçen ýyl üpjünçilik zynjyrynda we ulag ulgamynda yüze çykan kynçylyklar häzirki inflýasiýa derejesi bilen bilelikde kompaniýalaryň çykdajylaryň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Ispaniýada ýerleşýän Öndürijiler we paýlaýjylar birleşigi (Asociación de Fabricantes y Distribuidores) tarapyndan Madridde geçirilen Üpjünçilik zynjyry kongresinde mälim edilen “2022-nji ýyl üçin köpçülikleýin sarp ediş senagatynyň üpjünçilik zynjyryndaky mümkinçilikleri” atly hasabatda hem bu meselä üns çekildi. Hasabata görä, üpjünçilik zynjyryndaky bu bökdençlikler sebäpli kompaniýalaryň 41%-i ýyllyk çykdajylarynyň 10%-den 20%-e çenli ýokarlanandygyny habar berýärler. Mundan başga-da, kompaniýalaryň 19%-i ýyllyk çykdajylarynyň 20%-den hem geçendigini belleýärler.

Meşgullanýan işlerinde haýsy faktorlaryň has ýokary çykdajylara sebäp bolýandygy boýunça soraga, kompaniýalaryň 77%-i çig mal, 72%-i ulag we 69%-i energiýa meselesini görkezýärler. Şeýlelikde, çig mal we ulag çykdajylary kompaniýalara iň köp täsir edýän faktorlar hökmünde görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, hasabatda kompaniýalaryň soňky 18 aýda ýüze çykan üpjünçilik meselelerini ýeňip geçmek üçin dürli strategiýalary durmuşa geçirýändikleri bellenilýär. Bu kompaniýalaryň 60%-i alternatiw çig mal üpjün edijilerini gözleýändiklerini, 50%-i häzirki ätiýaçlyklarynyň derejesini ýokarlandyrýandyklaryny, 43%-i satyn alyş-dolandyryş boýunça çemeleşmelerine üýtgeşmeler girizýändiklerini aýdýarlar.

Hasabatda häzirki wagtda kompaniýalar üçin has möhüm bolan ugurlaryň 60%-niň hyzmat derejesini ýokarlandyrmaga, 51%-niň üpjünçilik zynjyryndaky näsazlyklary ýeňip geçmäge we 46%-niň ulag ulgamynda netijeliligiň üpjün edilmegi arkaly ösüş gazanmaga degişlidigi görkezilýär.

Şeýle hem hasabatda öndürijileriň 64%-niň paýlaýjylar bilen gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatdaşlyk taslamalarynyň üýtgewsiz galýandygy ýa-da kämilleşýändigi bellenilýär. Mundan başga-da, paýlaýjy kompaniýalaryň 83%-niň öndürijiler bilen häzirki hyzmatdaşlygyň derejesini saklaýandyklary aýdylýar.

Durnuklylyk

Üpjünçilik zynjyrynda kompaniýalaryň gün tertibini kesgitleýän başga bir strategiki faktorlaryň biri hem durnuklylyk bolup durýar. Kompaniýalaryň 75%-i öz işleriniň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak boýunça çäreleri üstünlikli durmuşa geçirendiklerini aýdyp, galan 25%-i şu wagta çenli gazanylan netijeleriň öwerlikli däldigini belleýärler.

Logistika pudagynyň karbonsyzlaşdyrylmagyndaky esasy päsgelçilikler baradaky soraga, kompaniýalar täze tehnologiýalaryň heniz kämilleşmändigini we bu ugurda öňe gidişligiň azdygyny, alternatiw ýangyçly ulaglaryň üpjünçiliginiň ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Şeýle hem hasabatda kompaniýalara häzirki wagtda umumy ýük daşamalaryň diňe 1%-ni emele getirýän demir ýol ulgamyndaky päsgelçilikler barada sorag berilýär. Kompaniýalaryň 54%-i bu soraga esasy päsgelçilik hökmünde üpjünçiligiň we operatorlaryň ýetmezçiligi diýip, jogap berýärler.

Netijede, hasabatda görkezilişi ýaly, çykdajylaryny azaltmak isleýän kompaniýalar arzan çig mal we ulag mümkinçiliklerini gözlemek boýunça çemeleşmelerine üytgeşmeler girizýärler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022