Ýanwar-oktýabr: “Lebapgazçykaryş” 10 milliard kubmetre golaý tebigy gaz öndürdi

BIZNES TURKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: “Lebapgazçykaryş” 10 milliard kubmetre golaý tebigy gaz öndürdi
Şeýlelikde “Lebapgazçykaryş” müdirligi tebigy gaz öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamalaryny möhletinden iki aý öň üstünlikli berjaý etdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan şu ýylyň geçen on aýynda 10 milliard kubmetre golaý tebigy gaz gazylyp alyndy.

Şeýlelikde, “Lebapgazçykaryş” müdirligi tebigy gaz öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamalaryny möhletinden iki aý öň üstünlikli berjaý etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Geçen aýlaryň dowamynda “Lebapgazçykaryş” müdirligi Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça 6,1 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy sarp edijilerine iberdi. Habarda bellenilişi ýaly, gazylyp alynýan gazyň esasy bölegi Türkmenistan ― Özbegistan ― Gazagystan ― Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa akdyrylýar.

Şeýle-de geçen on aýyň dowamynda “Lebapgazçykaryş” müdirligi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň 37,1 müň tonnadan gowragyny öndürdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022