Russiýanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet sylagyny gowşurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet sylagyny gowşurdy
Duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa dostlukly saparynyň çäginde geçirildi. (Surat: Kremlin.ru)

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni Moskwada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda oňa “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” atly IV derejeli ordenini gowşurdy. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa dostlukly saparynyň çäginde geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň köp sanly möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Siz haýsy wezipede Russiýa gelseňiz-de, biz Sizi görmäge hemişe şatdyrys. Çünki Siz biziň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge ägirt uly goşant goşduňyz. Munuň özi işiň ähli ulgamlaryna — ynsanperwer we ykdysady ulgamlara-da degişlidir” diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň ýokary döwlet ordeni bilen sylaglamak kararyna Wladimir Putin şu ýylyň awgust aýynda gol çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” atly IV derejeli ordenini gowşuranlygy üçin Wladimir Putine minnetdarlyk bildirdi we Russiýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine üç günlük dostlukly sapary sişenbe güni başlady.

2022