Ýanwar-oktýabr: Lebap welaýatynda 18,1 milliard manatdan gowrak senagat önümleri öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: Lebap welaýatynda 18,1 milliard manatdan gowrak senagat önümleri öndürildi
Şu ýylyň on aýynda elektrik energiýa önümçiligi 64,5 göterim, nah matalaryň önümçiligi 41,5 göterim, nah ýüplükleriň önümçiligi 25,4 göterim, sementiň önümçiligi bolsa 14,5 göterim ýokarlandy.

Lebap welaýatynda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen senagat önümleriniň umumy möçberi 18 million 168 müň 500 manada deň boldy. Öndürilen önümleriň 71,8 göterimi nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň on aýynda elektrik energiýa önümçiligi 64,5 göterim, nah matalaryň önümçiligi 41,5 göterim, nah ýüplükleriň önümçiligi 25,4 göterim, sementiň önümçiligi bolsa 14,5 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi 5 milliard 866 million 600 müň manada deň bolup, bu önümleriň 73,9 göterimi daşary döwletlere eksport edildi.

Lebap welaýaty boýunça geçen ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda elektrik energiýasynyň 3 milliard 176 million kilowat sagady öndürildi. Bu üstünlikde “Lebap”, “Watan” döwlet elektrik stansiýalarynyň mynasyp goşantlary bar diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem degişli döwürde “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebap” önümçilik müdirligi suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonna golaýyny öndürdi we onuň 97 müň 236 tonnasyny eksport etdi.

Lebap welaýatynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hususy kärhanalaryň öndürýän önümleri Özbegistana, Türkiýä, Belarusa, Owganystana, Gyrgyzystana, Azerbaýjana, Russiýa we Hytaýa eksport edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022