Merkezi Aziýadan Hytaýa 40 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýadan Hytaýa 40 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi
Şol döwürde bu gaz geçirijiniň üsti bilen her gün 120 million kub metr töweregi tebigy gaz iberildi.

Merkezi Aziýadan Hytaýa şu ýylyň başyndan bäri gaz geçirijiniň üsti bilen 40 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

Şol döwürde bu gaz geçirijiniň üsti bilen her gün 120 million kub metr töweregi tebigy gaz iberildi. Bu barada “PipeChina West Pipeline Company” hytaý kompaniýasynyň çap eden maglumatyna salgylanyp, “Xinhua” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistan bilen Özbegistanyň araçäginden gözbaş alyp gaýdýan we Özbegistan bilen Gazagystanyň çäklerinden geçýän, Hytaýyň Günbatar-Gündogar gaz geçirijisi bilen Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki Horgos serhet geçelgesinde birleşýän ilkinji serhetüsti gaz geçirijisidir.

Habarda bellenilişi ýaly, taslama kuwwaty ýylda 60 milliard kub metr gaz bolan 1833 kilometrlik Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilip, şol döwürden bäri durnukly we howpsuz işini dowam edip gelýär.

Hytaý bu gaz geçiriji arkaly 27 welaýatynyň, merkezi dolandyryş şäherleriniň we awtonom sebitleriniň, Sýanganyň ýörite dolandyryş sebitiniň 500 milliondan gowrak ýaşaýjysyny tebigy gaz bilen üpjün etdi.

2022