TDHÇMB-da duşenbe güni granulirlenen tehniki kükürt we nah ýüplük satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni granulirlenen tehniki kükürt we nah ýüplük satyldy
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 100 ABŞ dollaryna deň bolan granulirlenen tehniki kükürdiň 60 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda granulirlenen tehniki kükürt we nah ýüplük satyldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 100 ABŞ dollaryna deň bolan granulirlenen tehniki kükürdiň 60 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 6 million ABŞ dollaryna barabar boldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Mundan başga-da, Türkiýeden gelen telekeçi umumy bahasy 780 müň manada deň bolan nah ýüplügiň 24 müň kilogramyny satyn aldy. 

TDHÇMB-da geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 21 million 250 müň 230 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022