Türkmenistan bilen Azerbaýjan söwdany giňeltmek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Azerbaýjan söwdany giňeltmek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekçi
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň duşuşygy, 29.11.2022, Baku (Surat: Prezident.az)

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew sişenbe güni Bakuda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurdyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlandyrmagyň we geljek döwürde has giňeltmek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda Batyr Atdaýew Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Ilham Aliýew hem ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öz salamyny we hoşniýetli sözlerini ýollady. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kanagatlanma bildirdiler we energiýa, ulag, logistika hem-de özara söwda dolanşygy boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar gämi gurluşygy we gämi abatlamak ýaly beýleki senagat pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjana saparynyň çäginde, Batyr Atdaýew Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen gepleşik geçirdi.

Mikail Jabbarowyň "Twitter" sahypasynda berlen maglumata görä, şol gün Bakuda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Ykdysady we Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Biz bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde söwda, energiýa, ulag, oba hojalygy ýaly beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzy has-da güýçlendirjekdigimize ynanýarys” diýip, Mikail Jabbarow "Twitter" sahypasynda aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama laýyklykda Azerbaýjana türkmen tebigy gazy import edilýär. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşyldy.

2022