Hytaý ýanwar-noýabr aýlarynda $9,28 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi

BIZNES TURKMENISTAN
Hytaý ýanwar-noýabr aýlarynda $9,28 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa 9,28 milliard ABŞ dollaryna deň bolan tebigy gaz eksport etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy sişenbe güni habar berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Hasabat döwründe Hytaýy turbageçiriji arkaly tebigy gaz bilen üpjün edýän ýurtlaryň arasyna Russiýa hem girdi. Russiýanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty 3 milliard 540 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Beýleki turbageçiriji arkaly tebigy gaz bilen üpjün edýän öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna Mýanma ($1,29 milliard), Gazagystan ($1 milliard) we Özbegistan ($1,03 milliard) girdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk şu ýylyň fewral aýynda gazanyldy. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.

Türkmenistan geçen ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

2022