“Täç Hil” hoşboý ysly zibil torbalarynyň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TURKMENISTAN
“Täç Hil” hoşboý ysly zibil torbalarynyň önümçiligini ýola goýdy
TSTB-nyň agzasy bolan “Täç Hil” gap-gaç ýuwujy, gigiýeniki serişdeleri, suwuk sabynlary öndürýär.

“Täç Hil” hususy kärhanasy ýakynda ilkinji bolup hoşboý ysly zibil salmak üçin niýetlenen polietilen torbalaryň ýüpli görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana zibiliň ysyny ýok etmek maksady bilen polietilen gaplara limonyň we narpyzyň hoşboý ysyny goşdy. Polietilen torbalaryň önümçiligi müşderiniň buýurmalary esasynda islendik reňkde, galyňlykda, ölçeglerde alnyp barylýar.

Şeýle hem “Täç Hil” hususy kärhanasynda polietilen torbalara suratlary çap etmek üçin Türkiýeden getirilen täze enjamlar ornaşdyryldy. Bu enjamlar polietilen torbalara islendik suraty, ýazgyny dury we arassa görnüşde çap etmäge mümkinçilik berýär.

“Täç Hil” hususy kärhanasy polietilen gaplaryň önümçiligine 2009-njy ýylda başlady. Bu kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2400 tonna barabardyr.

Mundan başga-da, TSTB-nyň agzasy bolan bu kärhana gap-gaç ýuwujy, gigiýeniki serişdeleri, suwuk sabynlary öndürýär. Şeýle hem “Täç Hil” ýurdumyzda ilkinji bolup köpürjikli sabynlaryň, zenanlara, erkeklere niýetlenen atyrlaryň dürli görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022