Ýanwar-noýabr: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy $10,12 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr: Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy $10,12 milliarddan geçdi
Diňe noýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,15 milliard ABŞ dollaryna ýakynlady.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 10,12 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53,2 göterim ýokarlandy. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär.

Diňe noýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,15 milliard ABŞ dollaryna ýakynlady.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan Hytaýa 9,33 milliard ABŞ dollardan gowrak önüm iberdi. Şeýle hem şu ýylyň on bir aýynda Türkmenistan 787 million ABŞ dollaryndan gowrak hytaý harytlaryny import etdi.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022