Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa boljak döwlet saparynda resminamalar toplumyna gol çekiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa boljak döwlet saparynda resminamalar toplumyna gol çekiler
Döwlet Baştutanymyz taraplaryň tagallalary netijesinde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeliligini nygtady. (Surat: AFP)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda habar berdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa 5-6-njy ýanwar aralygynda amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Raşid Meredow dünýäniň ýurtlary, şol sanda Aziýa sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, şol ýurtlaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, taraplaryň tagallalary netijesinde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeliligini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigine, onuň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlaryna görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 10,12 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53,2 göterim ýokarlandy. Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

2022