2022-nji ýylda dünýäde azyk önümleriniň bahalary 14,3% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
2022-nji ýylda dünýäde azyk önümleriniň bahalary 14,3% ýokarlandy
2022-nji ýylda galla önümleriniň bahasy 2021-nji ýyla garanda 17,9 göterim, ösümlik ýagynyň bahasy 13,9 göterim ýokarlandy.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän dartgynlyk sebäpli gelip çykýan energiýa we dökün bahalarynyň ýokarlanmagy 2022-nji ýylda dünýädäki azyk önümleriniň dünýädäki bahalary geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 14,3 göterim ýokarlandy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) geçen anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň üýtgeşmelerini her aý hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi 2022-nji ýylda ortaça 143,7 bala barabar bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 14,3 göterim ýokarlandy. Bu baha indeksi 1990-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

FAO-nyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda galla önümleriniň bahasy 2021-nji ýyla garanda 17,9 göterim, ösümlik ýagynyň bahasy 13,9 göterim, süýt önümleriniň bahasy 19,6 göterim, etiň bahasy 10,4 göterim, şekeriň bahasy 4,7 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň dekabrynda FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende 1,9 göterim peseldi. Bu indeks dokuzynjy aý yzygiderli pese düşýär. Emma bu görkeziji ýylyň ilkinji aýlarynda ýokary galdy we 2022-nji ýyl 2021-nji ýyla garanda ortaça derejeden has ýokary görkeziji bilen tamamlandy.

FAO-nyň maglumatlarynda bellenilişi ýaly, dekabr aýynda indeksiň pese gaçmagyna ösümlik ýaglarynyň halkara bahasynyň peselmegi we galla hem-de et önümleriniň bahalarynyň aşak düşmegi sebäp boldy. Şeýle-de FAO şeker we süýt önümleriniň bahasynyň belli bir derejede ýokarlanandygyny hasaba aldy.

FAO azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň, esasanam ykdysady taýdan pes ýurtlarda azyk howpsuzlygyna ýaramaz täsirini ýetirýändigini birnäçe gezek duýdurdy.

2022