Dünýäde STG gämileri üçin sargytlar artýar

Nurmyrat Mommaýew
Dünýäde STG gämileri üçin sargytlar artýar
Gurluşygy üç-dört ýyl dowam etjek gämileriň sargytçylara 2026-njy ýylynda gowşurylmagyna garaşylýar.

Günorta Koreýa, Hytaý we Ýaponiýanyň gämi gurluşyk zawodlarynda 2022-nji ýylda suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) daşaýan gämileriň gurluşygy boýunça sargytlar ýokarlandy. Häzirki wagtda tutuş Aziýada 200-den gowrak STG daşaýan gamileriň gurluşygy dowam edýär. Baltika Deňiz ulaglary biržasynyň maglumatlaryna görä, STG daşaýan gamilere bolan isleg ep-esli derejede artyp, olaryň bir günlik kärende tölegleri 500 müň ABŞ dollaryna golaýlady.

Dünýä gämi gurluşyk bazarynyň 70 göterimini emele getirýän Günorta Koreýanyň gämi gurluşyk kärhanalary (“Daewoo Shipbuilding”, “Samsung Heavy Industries”, “Hyundai Heavy Industries” we ş.m.) 2022-nji ýylda dünýädaki gämi gurluşygy boýunça sargytlaryň üçden iki bölegini kabul etdiler. Bilermenlere görä, geljek 3 ýyl üçin sargytlary kabul eden Günorta Koreýanyň gämi gurluşyk kärhanalarynyň täze sargytlary kabul etmeklerine garaşylmaýar.
STG daşaýan gämileriň bahalary soňky birnäçe ýylda ep-esli artdy. Muňa 2021-nji ýylyň aprel aýyndan 2022-nji ýylyň aprel aýy aralygynda polat bahalarynyň aşa ýokarlanmagy we bu pudakda tejribeli hünärmenleriniň ýetmezçiligi sebäp boldy. Şeýlelikde, gämileriň ortaça bahalary 200 million ABŞ dollaryndan 250 million ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. 

Gurluşygy üç-dört ýyl dowam etjek gämileriň sargytçylara 2026-njy ýylynda gowşurylmagyna garaşylýar. Dünýäniň iň iri suwuklandyrylan tebigy gaz öndürijileri bolan ABŞ, Awstarliýa we Katardan üpjün edilýän bu önümiň möçberiniň artmagy bilen bir hatarda STG daşaýan gämilere bolan islegiň has hem ýokarlanjakdygy çaklanylýar. 

Deňiz ulaglary boýunça bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýyla çenli STG daşaýan gämi floty çig nebit daşaýan we 830 gämiden ybarat flotdan hem uly bolup biler. Dünýäde STG daşaýan gami floty 2021-nji ýylyň ahyrynda jemi 700 gämiden ybaratdy. 2010-2022-njı ýyllar aralygynda olaryň sany yzygiderli köpelmegini dowam etdirdi. STG daşaýan gämileriň ýük kuwwatlylyklary dürli ölçeglerde bolup, olaryň iň ulusy 270 müň kubmetr suwuklandyrylan tebigy gazy daşamak üçin niýetlenendir.

Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa Hindistan ýaly suwuklandyrylan tebigy gazy köp sarp edýän ýurtlarda bu önüme bolan isleg barha artyp, bu ýurtlarda onlarça STG terminallarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, Ýewropada hem suwuklandyrylan tebigy gaza bolan islegiň artmagy STG daşaýan gämilere bolan islegi hem ýokarlandyrdy.

Suwuklandyrylan gazyň öndürilmegi, dünýä energiýa ulgamyna laýyklykda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyny ösdürmek üçin geljegi uly ugurlardan biridir. Köp ýurtlar benziniň we dizel ýangyjynyň ornuny tutujy hökmünde suwuklandyrylan gaza geçmegi göz öňünde tutýarlar we dünýäde bu ýangyja bolan isleg yzygiderli artýar. Bilermenleriň bellemegine görä, suwuklandyrylan tebigy gaz Türkmenistanyň gaz pudagynda esasy hyzmatdaşy bolan Hytaýyň energiýa importynyň üçden iki böleginden gowragyny düzýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022