Brýusselde ÝB bilen Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Brýusselde ÝB bilen Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Metýu Bolduin häzirki wagtda ÝB üçin energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça Baş Müdüriýetiniň başlygynyň orunbasary Metýu Bolduinyň arasynda Brýusselde geçirilen duşuşykda Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy.Bu barada Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine çarşenbe güni beren beýanatynda aýdylýar.

Duşuşyk 19-21-nji ýanwar aralygynda Wepa Hajiýewiň Brýussele eden saparynyň çäginde geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Metýu Bolduin häzirki wagtda ÝB üçin energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp, onuň bu ugurda täze hyzmatdaşlar gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.

Metýu Bolduinyň aýtmagyna görä, ÝB-niň energetika ulgamynda Türkmenistany hyzmatdaş ýurt hökmünde hasaplaýandygyny, şol sebäpli bu ugurda gepleşikleri alyp barmaga isleg bildirýändigini mälim etdi. Şeýle hem Metýu Bolduin Türkmenistanyň energiýa ulgamynda ÝB-niň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup biljekdigine ynam bildirdi.

Wepa Hajiýew hem öz gezeginde pandemiýadan öň Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda energetika ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygyň we maslahatlaşmalaryň alnyp barlandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy dikeltmäge, ýagny iki tarapyň degişli bilermenleriniň gatnaşmaklarynda gepleşikleri alyp barmaga taýýardygyny belledi. Netijede taraplar bilermenleriň gatnaşmagynda geçiriljek gepleşikleriň şu ýylyň birinji çärýeginde taraplaryň ylalaşygy boýunça Aşgabatda ýa-da Brýusselde geçirmegi ylalaşdylar.

Wepa Hajiýew Türkmenistanda energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak, ýaşyl energetikany ösdürmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada maglumat berdi we häzirki wagtda Türkmenistanda wodorod energetikasyna aýratyn üns berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Brýussele eden saparynyň çäginde Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň Köptaraplaýyn gatnaşyklar we globalizasiýa boýunça Baş Müdiriýetiniň başlygy Gislen D’Hup bilen duşuşdy.

2022