“Şanly mekan” stekloplastiklerden dürli görnüşli gaýyklary öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Şanly mekan” stekloplastiklerden dürli görnüşli gaýyklary öndürýär
“Şanly mekan” hojalyk jemgyýeti önümçiliginiň esasy çig malyny daşary ýurtlardan getirýär.

“Şanly mekan” hojalyk jemgyýeti polimer kompozit materiallaryň bir görnüşi bolan stekloplastiklerden suwda gezelenç etmek, balyk tutmak üçin niýetlenen dürli görnüşli çaklaňja gaýyklary öndürýär. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän 2022-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhanada tomus aýlarynda suwa düşmek üçin niýetlenen emeli suw howuzlary hem taýýarlanylyp, müşderilere hödürlenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana önümçiliginiň esasy çig malyny daşary ýurtlardan getirýär. Önümçilikde ulanylýan stekloplastikler berklik, çüýremezlik häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar. Buýurmalar esasynda iş alyp barýan hojalyk jemgyýetiniň önümlerine bolan isleg barha artýar.

Kompozitler dürli garyndylaryň goşulmagyndan taýýarlanylyp, olaryň polimerden, metal matrisasyndan, keramikadan ýasalýan görnüşleri önümçilikde giňden ýaýrandyr.

2022