Türkmenistan ýertitreme zerarly Türkiýä kömek toparyny we zerur önümleri iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ýertitreme zerarly Türkiýä kömek toparyny we zerur önümleri iberdi
Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek toparyny we zerur bolan önümleri daşaýan türkmen uçary (Surat: Togan Oralyň "Twitter" sahypasy)

Ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek toparyny we zerur bolan önümleri daşaýan uçar sişenbe güni irden Aşgabatdan Türkiýä ugrady. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral "Twitter" sahypasynda habar berdi.

Uçar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow bilen Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oralyň gatnaşmagynda ugradyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň we Siriýanyň Prezidentlerine iki ýurtda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly duşenbe güni gynanç hatlaryny iberdiler.

Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş edarasynyň (AFAD) sişenbe güni irden ýaýradan metbugat beýanatyna bellenilişi ýaly, ýertitreme zerarly Türkiýäniň on welaýatynda 2921 adam wepat boldy.

Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýer titremäniň 7,8 bala deň bolandygyny ölçedi. Geologiýa gözleg gullugy ýer titremäniň Gaziantepden 33 kilometrlikde dörändigini aýtdy. AFAD-yň habar bermegine görä, duşenbe güni irdenden bäri jemi 243 sany ýertitreme bolup geçdi.

Şeýle hem duşenbe gününiň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi.

Köp ýurtlar Türkiýä kömek, şol sanda derman serişdelerini, gözleg toparlaryny we maliýe serişdelerini ugratmagy teklip etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022