Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de duşuşyklary geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän “Al Şatiýe” köşgünde duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 11-12-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, şeýle hem BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.

BAE-niň Prezidenti “Al Şatiýe” köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna we onuň çäklerindäki duşuşyklara ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda energetika, ulag we kommunikasiýalar, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparyň çäginde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ýangyç-energetika, nebiti gaýtadan işleýän senagat, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň Türkmenistan bilen özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda BAE-niň kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy düýpli giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany maşgalasy bilen islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän “Şeýh Zaýed” metjidine bardy we bu metjide mukaddes Gurhany we namazlygy sowgat berdi. Metjidiň ýolbaşçylary sowgat üçin hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň täsin metjitleriniň şekilleri we maglumatlary ýerleşdirilen ajaýyp kitaby sowgat berdiler.

2022