Türkmenistanyň Daşary işler ministri Dubaýda duşuşyklary geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Dubaýda duşuşyklary geçirdi
Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala ýolbaşçylyk edýän guramasynda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Dubaýda BAE-niň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça ministri Mohammad Abdullah Al Gergawi, Wýetnamyň daşary işler ministriniň orunbasary Pham Kuaň Hieu, şeýle-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklar Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýetiniň 13-15-nji fewral aralygynda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşmak üçin Dubaýa eden saparynyň çäklerinde geçirildi.

BAE-niň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça ministri Mohammad Abdullah Al Gergawi bilen geçirilen gepleşiklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda BAE amala aşyran resmi saparynyň türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmekde hil taýdan täze sahypany açandygy nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen BAE-niň Hökümetiniň arasynda döwletiň ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça tejribe alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Wýetnamyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda, esasan, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň bu iri ýöriteleşdirilen düzüm bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi we türkmen tarapynyň geljekde-de ählumumy derejede durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge goşant goşjakdygy tassyklanyldy.

Ngozi Okonjo-Iweala, öz gezeginde, ýolbaşçylyk edýän guramasynda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyna we ony durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini nygtady.

Bütindünýä hökümet sammiti “Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek” şygary astynda geçirilýär. Bu sammite 20 sany döwletiň hökümet Baştutanlary, 250-den gowrak ministrler we 10 müň töweregi halkara hökümetiniň hünärmenleri gatnaşýarlar.

2022