Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde çarşenbe güni Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady.
Serginiň açylyş dabarasyna türkmen hökümediniň agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen telekeçileri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Açylyş dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara iberen gutlag haty okaldy.
“Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Eýran bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
“Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar” diýip, Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.
Habarda bellenilişi ýaly, sergide Eýranyň senagat kärhanalarynyň önümleri, şeýle hem ýurduň häzirki zaman tehnologiýalary we inženerçilik hyzmatlary görkezilýär.
Serginiň esasy maksatlary Eýranyň kärhanalarynyň önümçilik we gurluşyk pudaklaryndaky ösüşleri bilen tanyşdyrmakdan, ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ilerletmek maksady bilen eýran kärhanalaryna türkmen alyjylary we olaryň isleglerini öwrenmek üçin şert döretmekden ybaratdyr.
Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi 17-nji fewrala çenli dowam eder.