19.12.2022
21.01.2023

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi açyk halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kalsit öndürýän önümhananyň taslamаsyny düzmek we ony dolulygyna gurmak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalaryny, ynanç hatyny we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1500 ABŞ dollary möçberinde (GBS tölegi hasaba almazdan) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde tölemeli.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik teklipli bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehniki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-00-33

+993 12 39-00-19

+993 12 39-00-17

+993 12 39-00-21

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022