24.08.2023
31.08.2023

Arkadag şäher häkimligi binalary gurmak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

  • Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy;
  • Muzeý;
  • Saglyk seýilgähi;
  • Arkadag şäherine barýan ýollar;
  • Akhan şaýolunyň durkuny täzelemek;
  • Gurbansoltan eje şaýolunyň durkuny täzelemek (Babarap — Akgoňur);
  • Söwda we hyzmat ediş toplumy (bazar).

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 57-29-08

Elektron salgysy:

adk@sanly.tm

Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022