24.10.2024
04.12.2024

“Türkmengaz” DK gaz gysyjy modul bekedini gurmak we işe girizmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tender toparynyň adyndan “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň açyk meýdançasynda gaz gysyjy modul bekedi bilen üpjün etmek, ony gurmak we işe girizmek boýunça potratçyny saýlap almak üçin halkara bäsleşik yglan edýär

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly;

Bäsleşik teklipleri şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 40-32-40

(+99312) 40-32-50

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň
2022